Syýahatçylyk ulgamyna bagyşlanan onlaýn maslahaty

10 Mart 2022
1150

10-njy martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna bagyşlanan onlaýn maslahaty guraldy. Oňa TSTB-niň müdiriýetiniň agzalary, ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem sanly ulgam arkaly daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, gözel künjeklerini, syýahatçylyk ulgamyndaky mümkinçiliklerini beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Watanymyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikler hem-de öňde durýan möhüm wezipeler barada gürrüň edildi. Degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Watan».
Beýleki habarlar