«Hatarda ner bolsa...»

27 Fewral 2022
3071

Türkmen halky «Düýe maly — dünýe maly», «Düýäm bar — dünýäm bar» diýen ýaly nakyllaryň manysyna magat akyl ýetirýär. Şonuň üçin hem düýe malyna uly yhlas siňdirýär. Düýäniň müň bir derde derman bolýan düýe çaly, agarany barada bilmeýän az-azdyr. Düýe çalynyň lezzeti özboluşly üýtgeşik bolýar, ony içen adamlar: «Çeşmäňe bereket!» diýip aýdýarlar. Düýäniň ýüňünden mukaddes saçak, guşak, agarçäkmen, alaja we sallançak ýüp ýaly zatlar dokalýar. Düýe janawar haýsy ýerde bolsa-da, öz eýesiniň öýüni tapyp bilýär. Goý, ol ýüzlerçe kilometr aralyk bolsun, tapawudy ýok.

«Mal eýesiniň gözünden suw içer» diýlişi ýaly, düýe maly hem özüniň gowy görülýändigini bilýär we eýesine tabyn bolýar. Hatda ýaňy aýak biten çaga itse-de, yzyna düşüberýär.

Bekgi ARSLANOW,
Ý.Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar