Milli gymmatlyga sarpa

29 Dekabr 2021
2566

Düýn Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezi binasynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalarynyň, hususy itşynaslaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň 27-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki jemleýji mejlisinde her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekmegi bilen bagly şatlykly waka bagyşlandy.

Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny goramak we ony dünýäde giňden wagyz etmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan toplumlaýyn özgertmeler alabaýlaryň tohumçylyk işiniň ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek maksady bilen, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda degişli resminama gol çekilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Geldimuhammet GELDIMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar