Dag­lar ös­ýär­mi?

26 Awgust 2021
1523

Ýe­riň as­tyn­da bo­lup geç­ýän te­bi­gy ha­dy­sa­la­r dag­la­ryň az­da-kän­de hem bol­sa beý­gel­me­gi­ne, kä­ha­lat­lar­da bol­sa pe­sel­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Dag­la­ryň be­ýik­li­gi­niň üýt­ge­me­gi­ne wul­kan­la­ryň part­la­ma­gy hem se­bäp bol­ýar. Ýew­ro­pa­nyň iň uzyn iş­jeň wul­ka­ny Ita­li­ýa­nyň Si­si­li­ýa ada­syn­da ýer­leş­ýär. Go­laý­da Et­na at­ly bu da­gyň be­ýik­li­gi­niň üýt­gän­di­gi ha­bar be­ril­di. Soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, wul­ka­nyň gü­nor­ta-gün­do­gar ger­şi­niň be­ýik­li­gi 3357 met­re ýet­ýär. Mun­dan ozal­ky 40 ýy­lyň do­wa­myn­da da­gyň de­mir­ga­zyk-gün­do­gar ger­şi iň be­ýik no­ka­dy ha­sap­lan­ýar­dy. 1981-nji ýyl­da bu de­pä­niň be­ýik­li­gi­niň 3350 metr­di­gi anyk­la­nyp­dy. 2018-nji ýyl­da ýü­ze çy­kan part­la­ma­dan soň­ra onuň be­ýik­li­gi 3326 met­re çen­li pe­se­lip­dir. Ýag­ny da­gyň bu de­pe­si bir­ne­me çö­küp­dir. Et­na da­gy­nyň je­mi dört ger­şi bar. Bu de­pe­le­riň be­ýik­li­gi wul­kan­la­ryň aty­lyp çyk­ma­gy ne­ti­je­sin­de üýt­ge­ýär. Bu dag dün­ýä­de iň iş­jeň wul­kan­la­ryň ba­r ýeri ha­sap­lan­ýar. Bu iş­jeň­lik da­gyň şe­ki­li­ni hem üýt­ged­ýär.

Wul­kan­lar ba­ra­da tä­sin mag­lu­mat­lar
Wul­kan­lar, adat­ça, dag ge­riş­le­rin­de duş ge­lip, Ýer gat­la­gy­nyň as­tyn­dan gaz, gyz­gyn mag­ma (su­wuk hal­da­ky gyz­gyn mas­sa) ýa-da kül pür­küp çy­kar­ýar­lar.
Wul­kan­lar, köp­lenç, tek­to­ni­ki pli­ta­la­ryň gal­taş­ýan ýe­rin­de ga­bat gel­ýär.
Wul­kan­lar iş­jeň, uku­da­ky hem-de sö­nen wul­kan­lar di­ýen to­par­la­ra bö­lün­ýär. Bir­nä­çe ýyl­dan atyl­ýan wul­kan­la­ra iş­jeň wul­kan­lar di­ýil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da atyl­ma­dyk, em­ma part­la­ny­na en­çe­me ýyl bo­lan we ha­çan atyl­ja­gy hem bel­li bol­ma­dyk wul­kan­lar uku­da­ky to­pa­ra de­giş­li ha­sap­lan­ýar. Soň­ky ge­zek part­la­ny­na ýüz­ler­çe ýyl bo­lan wul­kan­la­ra sö­nen wul­kan­lar di­ýil­ýär. Şeý­le-de bol­sa ola­ryň hem ha­çan part­la­jak­dy­gy bel­li däl.
Haý­ran gal­dy­ry­jy te­bi­gy tä­sin­lik bo­lan wul­kan­la­ryň şe­ki­li we ulu­ly­gy dür­li-dür­li bol­ýar. Olar şe­kil ba­bat­da, esa­san, iki to­pa­ra bö­lün­ýär – ga­ry­şyk hem-de ýal­pak wul­kan­lar.
An­tark­ti­ka­da­ky Ere­bus da­gy Ýe­riň iň gü­nor­ta­syn­da­ky iş­jeň wul­kanly ýer ha­sap­lan­ýar. Dag Gü­nor­ta pol­ýu­syň ikin­ji be­ýik no­ka­dy bo­lup, be­ýik­li­gi 3794 met­re ýet­ýär.
In­do­ne­zi­ýa, Ýa­po­ni­ýa we ABŞ dün­ýä­niň iň köp iş­jeň wul­ka­ny bo­lan ýurt­la­r ha­sap­lan­ýar.
Ga­wai ada­sy­nyň Mau­na Loa da­gyn­da­ky wul­kan iň be­lent­de ýer­leş­ýän wul­kan ha­sap­lan­ýar. Onuň be­lent­li­gi 4100 metr­den gow­rak­dyr. Bu ýer­de soň­ky ge­zek 1984-nji ýyl­da part­la­ma bol­dy.
Ýer ýü­zü­ne çy­kan wag­ty la­wa­la­ryň gyz­gyn­ly­gy 1 müň 250 de­re­je bol­ýar.
We­ne­ra Gün ul­ga­myn­da has köp wul­ka­nyň ga­bat gel­ýän pla­ne­ta­sy ha­sap­lan­ýar.
Mars­da­ky Olimp da­gy iş­jeň wul­kanly ha­sap­lan­ýar. 1971-nji ýyl­da «Ma­ri­ner 9» kos­mos gä­mi­si ar­ka­ly üs­ti açy­lan da­gyň be­ýik­li­gi 22 ki­lo­met­re ýet­ýär.
Mars­da baş­ga-da bir­nä­çe dag­lar we wul­kan­lar ga­bat gel­ýär.

Beýleki habarlar