Bagy-bossan gözel Diýar

23 Awgust 2021
1421

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzyň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän çäklerinde dürli görnüşli baglaryň ýaşyl zolaklary, tokaýlaryň we owadan gülleriň eýeleýän meýdany barha artýar. Çöllük ýerlerimiz hem ýyl-ýyldan özgerýär. Bu çäklerde sazak, gandym, çerkez ýaly ösümlikler ekilýär. Bag ekmek boýunça her ýyl geçirilýän köpçülikleýin çäreler bu tokaý meýdanlarynyň çägini giňeldip, olar halkyň tutanýerli zähmetiniň ajaýyp miwesine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek, daş-töweregimizi gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak we olary halkymyzyň eşreti üçin ulanmak babatynda asylly işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmenleri öz işlerini ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyna we daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamalaryna laýyklykda alyp barýarlar. Olar önümçilik kärhanalarynyň zyňyndylarynyň, minerallar, himikatlar bilen topragyň, suwuň, howanyň hapalanmagynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrýarlar. Tebigaty goramagyň kanunlarynyň talaplaryny halk köpçüligine düşündirmek, ilaty tebigy baýlyklary goramak we olardan tygşytly peýdalanmak ruhunda terbiýelemek boýunça wagyz-ündew çäreleri hem hünärmenlerimiziň gündelik alyp barýan işleriniň esasyny düzýär.

Mira ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar