Kebelekler — gülleriň gelşigi

23 Awgust 2021
3225

Ýurdumyzyň tebigatynyň owadan mör-möjekleriniň biri hem kebeleklerdir. Ösümlikleri tozanlandyrmakda kebelekler möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda olaryň 500-den gowrak topara we 57 maşgala degişli bolan 2000-den gowrak görnüşi duş gelýär. Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynda bolsa bu mör-möjekleriň 14 maşgala degişli bolan 62 görnüşi hasaba alyndy.

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi öňki çaňap ýatan çöl meýdanlaryň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna, onuň täze-täze görnüşleriniň peýda bolmagyna getirdi. Goraghananyň ylmy işgärleri tarapyndan alnyp barylýan barlaglar bu meýdanlaryň kebelekler dünýäsiniň hem baýlaşýandygyny görkezýär. Soňky ýyllarda goraghananyň meýdanlarynda we oňa ýanaşyk ýerlerde, ýagny «Altyn asyr» Türkmen kölüniň Daşoguz golunyň ugrunda ýerleşýän Zeňňibaba kölüniň sebitinde ýelken ganatlylar maşgalasyna degişli bolan «mahaon» atly we Uzynşor kölüniň sebitlerinde nimfalidler maşgalasyna degişli bolan «admiral» atly kebelekleriň hasaba alynmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Baýramberdi TIRKEŞOW,
Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar