Sähra jandary

20 Awgust 2021
1482

Türk­men top­ra­gy – ha­zy­na mes­ge­ni. Onuň ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si bo­lup, Ýer as­tyn­da giz­lin ýa­tan gen­ji-ha­zy­na­sy­nyň sa­ny-sa­ja­gy ýok­dur. Säh­ra­nyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýan iç­ýan hem türk­men top­ra­gyn­da köp duş gel­ýän jan­dar­la­ryň bi­ri­dir. Jan­dar­la­ryň ara­syn­da zä­her­li­le­ri­niň hem peý­da­ly ta­rap­la­ry bo­lup, ola­ryň zä­he­ri adam sag­ly­gy üçin ni­ýet­le­nen der­man önüm­çi­li­gin­de ula­nyl­ýar.
Dün­ýä­de iç­ýan­la­ryň, tak­my­nan, 75 müň gör­nü­şi bel­li­dir. Ola­ryň 50-den gow­ra­gy zä­her­li­le­riň ha­ta­ry­na gir­ýär. Ýur­du­myz­da zä­her­li iç­ýan­la­ryň sa­ry we ga­ra gör­nü­şi bar. Ül­kä­miz­de duş gel­ýän beý­le­ki iç­ýan­la­ryň hiç bi­ri hem zä­her­li däl­dir.
Iç­ýan­lar ada­ty ýag­daý­da 5-10 san­ti­met­re, kä­bir uly we­kil­le­ri 20 san­ti­met­re ýet­ýän oňur­ga­syz­lar­dyr. Ga­dy­my Mü­sür­de iç­ýan­la­ra mu­kad­des jan­dar hök­mün­de ga­rap­dyr­lar. Ola­ryň ady­ny gö­ter­ýän ýyl­dyz to­pa­ry hem bar. Iç­ýan­lar, köp­lenç, gi­je­le­ri­ne awa çyk­ýar­lar. Olar bir ýa­rym ýy­lyň için­de ulal­ýar­lar we 8-10 ýyl ýa­şa­ýar­lar. Iç­ýan­lar 5-6-dan on­lar­ça to­hu­ma çen­li, kä­ha­lat­da bol­sa 100 tö­we­re­gi to­hum goý­ýar. Olar öz ça­ga­la­ry­na ga­ty go­wy ideg ed­ýär­ler, ulal­ýan­ça go­ra­ýar­lar we il­kin­ji hep­de­de ar­ka­syn­da gö­ter­ýär­ler. Adat­ça, ça­ga­la­ry ene­si­niň üs­tün­de 7-10 gün gal­ýar­lar.
Iç­ýan­lar he­re­ket ed­ýän ji­si­me örän duý­gur jan­dar­lar bo­lup, awu­ny gör­se der­rew tut­mak bi­len bol­ýar. Eger howp aban­ýan bol­sa, guý­ru­gy­ny gal­dy­ryp, awu­na gar­şy eg­ýär we yza çe­kil­mek bi­len bol­ýar. Awu­ny aýak­la­ry­nyň kö­me­gi bi­len tut­ýar we gysgyjyna ge­tir­ýär. Eger awy ki­çi bol­sa, der­rew gysgyjy bi­len gy­syp, ony iý­mek bi­len bol­ýar. Awy gar­şy­lyk gör­kez­se, iç­ýan ony bir ýa-da bir­nä­çe ge­zek ça­kyp, zä­he­ri bi­len öl­dür­ýär. Olar möý­ler, dür­li mör-mö­jek­ler, ow­nuk haž­žyk­lar, sy­çan­lar we ş.m. jan­dar­lar bi­len iý­mit­len­ýär­ler.
Iç­ýan­lar, köp­lenç, çä­gäň aşa­gyn­da ýa­şap, uly aýak­la­ry­nyň kö­me­gi bi­len 15-20 sm ýe­riň aşa­gy­ny ga­zyp bil­ýär­ler, em­ma ki­çi pe­di­palp­ly­lar, köp­lenç, da­şyň aşa­gyn­da ýa-da ara­la­ryn­da giz­len­ýär­ler. Da­şyň, çä­gäň aşa­gy­na ýa-da daş­la­ryň ara­sy­na gir­me­gi­niň se­bä­bi Gün şöh­le­sin­den go­ran­mak­dyr.
Iç­ýan­la­ryň zä­he­ri ola­ryň hü­jüm we go­ra­nyş se­riş­de­si­dir. Ola­ryň zä­he­ri­niň tä­si­ri her dür­li bol­ýar. Ki­çi jan­dar­la­ra iç­ýan zä­he­ri ba­da-bat tä­sir ed­ýär. Em­ma uly jan­dar­lar üçin beý­le däl, olar ça­ka­nyn­dan soň­ra hem bir­ki gün ýa­şa­ýar­lar. Iç­ýa­nyň zä­he­ri­ne duý­gur bol­ma­dyk mör-mö­jek­ler hem bar.
Iç­ýan­lar şe­ma­ly­ as­la ha­la­ma­ýar­lar. Se­bä­bi iý­mit göz­le­mä­ge gi­den­le­rin­de şe­ma­lyň to­zan­jyk­la­ry ola­ryň gö­zü­ne päs­gel­çi­lik dö­red­ýär. Olar şe­mal ýok wag­ty awa baş­la­ýar­lar. Il­ki awy go­laý ýer­le­re gel­ýän­çä he­re­ket­siz dur­ýar­lar. Ýyl­da 35 müň tö­we­re­gi mör-mö­jek iý­ýän iç­ýan­la­ryň için­de ýö­ri­te ere­di­ji mäz­ler bar. Bu mäz­ler ola­ra öz göw­re­sin­den uly awu­ny iýen­le­rin­de ýar­dam ed­ýär. Uly pe­di­palp­ly­la­ryň zä­he­ri ki­çi­le­ri­niň­kä ga­ra­nyň­da pes bol­ýar. Se­bä­bi awu­ny şo­la­ryň kö­me­gi bi­len gy­syp öl­dür­ýär­ler. Ki­çi iç­ýan­lar awu­ny öz güýç­li zä­he­ri­niň kö­me­gi bi­len aw­la­ýar­lar. Ola­ryň zä­he­ri­niň bir dam­ja­sy­nyň kö­me­gi bi­len (su­wa ýa-da iý­mi­te goş­saň) 50 sa­ny sy­ça­ny öl­dü­rip bol­ýar.
Adam­lar üçin iç­ýa­nyň zä­he­ri, adat­ça, howp­ly däl. Ýö­ne zäherlenme kä­ha­lat­da agyr ne­ti­je­le­re hem ge­ti­rip bi­ler. Iç­ýan ça­ka­nyn­dan soň­ra agy­ry, çiş­me ýü­ze çyk­ýar, soň­ra uku­çyl­lyk, üşüt­me we kä­wagt tem­pe­ra­tu­ra­nyň ýo­kar­lan­ma­gy baş­lan­ýar. Adat­ça, bir ýa-da iki gün­de zä­her öz tä­si­ri­ni ýi­tir­ýär, em­ma kä­wagt­lar uza­ga hem çe­kip bil­ýär.

Ba­tyr SI­LA­POW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň
Döw­let mu­ze­ýi­niň baş hü­när­me­ni.

Beýleki habarlar