Tohumlary miwesiniň daşynda

20 Awgust 2021
1325

Her möw­süm özi bi­len mi­we­si­ni alyp gel­ýär. Şeý­le mi­we­le­riň ara­syn­da iň ha­la­nyl­ýan­la­ry­nyň bi­ri hem ýer­tu­da­na­dyr. Bu dat­ly miwe ro­za­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lup, to­hum­la­ry mi­we­si­niň da­şyn­da ýer­leş­ýär. Dün­ýä­de tä­jir­çi­lik mak­sa­dy bi­len iň köp ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän bu mi­wä­niň dü­zü­min­de örän köp muk­dar­da C wi­ta­mi­ni bar. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da ýer­tu­da­na­lar ha­kyn­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­me­gi mü­wes­sa bil­dik:

Her ýer­tu­da­na­nyň daş ýü­zün­de 200 tö­we­re­gi to­hum bar.
Onuň 90 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy suw­dur.
Bu mi­wä­niň to­hum­la­ry bi­len baş­ga gör­nüş­li mi­we­ler hem ýe­tiş­di­ril­ýär.
Bir ki­log­ram ýer­tu­da­na­nyň dü­zü­min­de bir ki­log­ram li­mon­da­ky­dan has köp şe­ker bar.
Dün­ýä­dä­ki iň uly ýer­tu­da­na­nyň ag­ra­my 250 gram bo­lup, ol 2015-nji ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­di.
Ame­ri­ka­ly alym­lar ba­lyk ge­ni­ni san­jym edip, gök reňk­li ýer­tu­da­na­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di­ler.
He­niz do­ly biş­me­dik wag­ty ýer­tu­da­na­dan duz­lan­dy­ry­lan iý­mit taý­ýar­lan­ýar.
Se­kiz sa­ny ýer­tu­da­na gün­de­lik C wi­ta­mi­ni ze­rur­ly­gy­nyň 100 gö­te­ri­mi­ni ka­na­gat­lan­dyr­ýar.
Ýer­tu­da­na­ny di­şi­ňi­ze yzy­gi­der­li sürt­se­ňiz, agart­ma­ga ukyp­ly­dyr.
Bel­gi­ýa­da ýer­tu­da­na­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri ýe­tiş­di­ril­ýän ýö­ri­te mu­zeý bar.
Ame­ri­ka­ly­lar we Ga­dy­my Rim­li­ler der­man hök­mün­de ýa­ba­ny ýer­tu­da­na­ny ula­nyp­dyr­lar.
Ýa­ba­ny ýer­tu­da­na­lar dün­ýä­de asyr­lar­bo­ýy bar bol­sa-da, ola­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mä­ge XVI asyr­da baş­lan­dy.
Bu mi­wä­ni il­kin­ji ýü­ze çy­ka­ry­jy­lar ame­ri­ka­ly­lar ha­sap­lan­ýar.
Ýer­tu­da­na­nyň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça Hy­taý öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Bu ýurt­da ýyl­da 3 mil­li­on ton­na go­laý ýer­tu­da­na ýe­tiş­di­ri­lip, dün­ýä ba­za­ry­na çy­ka­ryl­ýar.
Dün­ýä­de ýer­tu­da­na­nyň yl­my taý­dan at­lan­dy­ry­lan 20-den gow­rak gör­nü­şi bar.
Ýer­tu­da­na­la­ryň iň köp eks­port edil­ýän ýur­dy Is­pa­ni­ýa bo­lup, de­giş­li­lik­de ABŞ ikin­ji, Mek­si­ka üçün­ji or­ny eýe­le­ýär.

Beýleki habarlar