Surata düşmegi halaýan jandar

16 Awgust 2021
2902

Awstraliýa tebigy gözellikleri bilen haýran galdyrýan ýerleriň biri hasaplanýar. Bu ýurtda başga ýerde gabat gelmeýän dürli jandarlaryň, ösümlikleriň ýüzlerçesi bar. Aýratyn bir yklymy emele getirýän Awstraliýanyň giň çölleri, tropiki tokaýlary, daşyny gurşap alan ummanlary, haýwanat we ösümlik dünýäsi daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekýär. Bu ýerde kengurudyr koalalar ýaly torbaly haýwanlar, iň çalt ýer gazýan jandar bolan wombatlar, kirpiňki ýaly tikenleri bolan, ýumurtgalaýan süýdemdirijiler, eşiden sesini bolşy ýaly gaýtalap bilýän guşlar ýaşaýarlar. Bu ýerdäki jandarlaryň köpüsi özüne çekiji aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar. Emma bu ýurtda ýaşaýan başga bir ýabany jandar ýylgyrmagy bilen tapawutlanýar. Tebigy ýagdaýda Rottnest hem-de Bold adalarynda gabat gelýän kwokka atly jandar surata düşende hem ýylgyrmagy unutmaýar. Hamala, ol surata düşüleninde suratçynyň: «Hany, ýylgyryň!» diýen sözüne düşünýän ýaly. Seýrek duşýan haýwanlaryň biri bo-lan kwokkalar bu aýratynlygy bilen meşhurdyr. Kwokkalar hem edil kengurular ýaly makropodlar (uly aýaklylar) maşgalasyna degişli. Olar 10 ýyl töweregi ýaşaýar. Iýmitlenmek üçin, adatça, gijesine daşaryk çykýarlar. Otlar, ir-iýmişler we miweler bilen iýmitlenýän bu haýwanlar adamlardan hiç hili gorkmaýar. Şeýle bolansoň, Rottnest adasyna gelen myhmanlar kwokka bilen ýadygärlik surata düşmezden yzyna dolanmaýar. Kwokkalar surata düşenle-rinde fotoenjama seredip, adamyň ýüz-keşbine öýkünýärler. Şeýlelikde, surat örän owadan çykýar.

Şasenem MEREDOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar