«Kerwen» söwda platformasy

27 Iýul 2021
2292

Maglumatlar eýýamynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak işewürligi ösdürmegiň esasy talaplarynyň biridir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sanly hyzmatlary bilen adygan agzalarynyň biri-de «Kerwen» hojalyk jemgyýetidir. Ol ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyndan ugur alyp, elektron tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar. Häzirki döwürde onuň «Kerwen» söwda platformasyndan peýdalanýanlaryň sany has-da artýar.

www.kerwen.com.tm salgysynda ýerleşýän internet söwda giňişliginiň «Biz barada», «Market», «Onlaýn sergi», «Onlaýn žurnal». «Bank hyzmatlary», «Öndürijiler», «Alyjylar» ýaly bölümleri hem onuň köpugurlydygyny görkezýär. Onuň maglumatlar binýadynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlaryna degişli agzalary hakynda giňişleýin, anyk maglumatlar berilýär. Onuň kömegi arkaly telekeçiler öz şahsy elektron otagyny açyp, ony ýöredip, müşderileridir hyzmatdaşlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik alýarlar.

«RYSGAL» gazeti
Beýleki habarlar