Welosiped — ekoulag

8 Iýul 2021
1451

Häzirki wagtda adamlarda welosiped edinmeklige isleg barha artýar. Ony diňe gatnaw ulagy üçin däl, eýsem, sport we gezelenç etmek maksady bilen hem edinýärler. Angliýa, Wengriýa ýaly Ýewropa ýurtlarynda poçta ibermek üçin, Londonda, Tallinde we beýleki gür ilatly şäherlerde ýollaryň dyknyşyklygy sebäpli, welosiped “Tiz kömek” ulaglary hökmünde-de ulanylýar. Germaniýanyň Sindelfingen şäherindäki “Mersedes-Benz” zawodynda işçiler zawodyň töwereginde welosiped sürýärler. Her bölümiň öz reňkli welosipedleri bar.

Hytaýda “Uçýan kepderi” welosiped sözüniň sinonimi bolup durýar. Çünki soňky ýyllarda önümçiliginiň esasy ugry welosiped öndürijiligine öwrülip, welosipedleriň 90 göterimden gowragy bu ýurtda öndürilýär. Oňa bolan islegiň barha artmagy has kämil görnüşlerini öndürijileriň köpelmegine getirdi. Häzirki wagtda elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedleriň önümçiligi hem ýola goýuldy.

Serdar ORAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar