Täsinliklerden täsirlenip

23 Iýun 2021
2774

Ýer ýüzünde arylaryň 21 müň görnüşi bolup, olar 520 maşgala bölünýär. Alymlar 2006-njy ýylda Mýanmada tapylan arynyň gatap galan görnüşine 100 million ýyl dagy bolandyr diýip çaklaýarlar. Ol ary ýabany bolup, entek balara öwrülmedik görnüş eken. Arylaryň hemmesi gadymy döwürde ýabany çäge arysyndan gelip çykandyr. Günorta Hindistan balarylaryň Watany hasaplanylýar.

Arylar 60 kilometr tizlik bilen uçup bilýärler. Balarylar uly maşgala bolup ýaşaýarlar we her toparyň öz aýratyn ysy bolýar. Arylar baradaky ylma apiologiýa diýilýär. Dünýäde ady belli alymlaryň ençemesi köp ýyllaryň dowamynda arylary öwrenipdirler we täze görnüşlerini açypdyrlar. Arylaryň tebigatymyzdaky ösümliklerdir oba hojalygyna örän uly täsiri bar. Balarylary bary-ýogy 30-35 gün ýaşaýar. Gülleri tozanlandyrýan wagtlary olary belläp, ikinji gezek şol güle gonmaýar. Olar hatda adamyň ýüzüni ýatda saklamaga-da ukyplydyr. Arylar murtjagazlary, şol sanda dürli sesler arkaly habarlaşyp bilýärler. Ýene-de täsin bellemeli zatlaryň biri, bol gülli ýer ýa-da öz maşgala agzalary bilen täze ýaşar ýaly ýer tapan wagtlary dürli hereketleriň üsti bilen şol ýeri salgy berýärler. Şol ýeriň ölçegini hem aňladyp bilýärler.

Ahmet TAŇRYGULYÝEW.
Beýleki habarlar