Bürgüt

21 Iýun 2021
3007

Bürgüt ganatlary insizräk, guýruklary başgalara görä uzynrak bolup, garaguşlaryň arasynda iň ulusy hasaplanýar. Onuň reňki goýy goňur bolup, ýeňsesindäki uzalan ýelekleri goýy çypar, garyn tarapy arkasyna garanyňda açygrak reňkde, guýrugynyň reňki agymtyl bolýar.

Bürgütler oturanda ganatlary göwresine doly gysylmaýar, sähel gapdalda durýar. Ýaş bürgütleriň reňki gara goňur, guýruklary ak, guýruklarynyň ujunda gara zolaklary, ganatlarynyň aşagynda bolsa ak tegmilleri bolýar. Olaryň göwresiniň uzynlygy 80 — 93 santimetr, horazlarynyň agramy 2,8 — 4,1, mäkiýanlarynyňky 3,8 — 6,3 kilograma çenli bolýar.

Gylyçdurdy GYLYÇDURDYÝEW.
Beýleki habarlar