Dag goçy

21 Iýun 2021
3460

Tebigatyň iň owadan hem-de täsin jandarlarynyň biri-de dag goçudyr. Ol çyn şahlylar maşgalasyna degişli bolup, dag gerişleriniň eňňitlerinde, belentliklerinde, dagüsti sähralyklarda, dürli otly we pisseli baýyrlyklarda ýaşaýar.

Dag goçy dagyň kert gaýalaryna bökjekläp münmäge we düşmäge ukyply bolýar. Olar 3 metr beýiklige, 4,5 metr uzaklyga çenli böküp bilýärler. Dag goçy biziň ýurdumyzda Gaplaňgyrda, Üstýurtda, Akjagaýada, Garagumda, Bathyzda, Köpetdagda, Köýtendagda gabat gelýär. Olar otjumak ösümlikleriň 7, gyrymsy agaçlaryň 8 görnüşini iýmit üçin ulanýarlar.

Rejepbaý MADREÝMOW,
bilim işgäri.
Beýleki habarlar