Sazlaşykly ösüşiň möhüm ugry

6 Iýun 2021
1830

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasaty halkyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmek, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak arkaly, ,ekologiýa taýdan arassa önümçiligi döretmek maksatlaryndan ugur alýar. Milli tebigaty goraýyş strategiýasy ykdysady pudakda, durmuş ulgamynda we ekologiýa babatda wezipeleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir. Aslynda, «ekologiýa» düşünjesi örän giň bolup, ol adamyň we onuň daşky gurşawynyň özara baglanyşygyny öz içine alýar. Ekologiýa ýagdaýy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we adamlaryň iýmitlenmek ýagdaýyny gowulandyrmak, oba hojalygyny durnukly ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar bolmagyny gazanmak, suw we tebigy serişdelerden oýlanyşykly peýdalanylmagyny üpjün etmek ýaly ugurlar bilen-de baglanyşyklydyr. Ekologiýa howpsuzlygyna abanýan howplary öňünden görmek we öňüni almak esasy meseleleriň hatarynda durýar. Ösüp gelýän nesliň ekologiýa taýdan dünýägaraýşyny we düşünjelerini kemala getirmek maksady bilen, ýaşlara ekologiýa medeniýeti babatda maksatlaýyn ekologiýa terbiýesi berilýär. Ekologiýa howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary gorap saklamak babatda ekologiýa terbiýesi jemgyýetimizde, maşgalada, bilim edaralarynda giňden alnyp barylýar. Howanyň üýtgemegi we paýtagtymyzyň hem-de sebitleriň ilatly ýerleriniň töwereginde ýaşyl zolaklary, oba hojalyk ekin meýdanlarynyň gyralarynda gorag tokaý zolaklaryny döretmek, dag arçalaryny, sazaklary we kenarýaka toraňňy jeňňelliklerini dikeltmek boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň gurallarynyň biri hökmünde öňdebaryjy tejribä, täzeçil tehnologiýalara daýanýan «ýaşyl ösüşiň strategiýasy» döredildi. Milli ykdysadyýetiň pudaklarynda ekologik nukdaýnazaryndan has kämil tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Howanyň arassalygyna hem-de daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik standartlar hem-de gurulýan zawodlara, fabriklere, kärhanalara, ýaşaýyş-raýat desgalarynyň gurluşygyna bildirilýän talaplar kämilleşdirilýär. Türkmenistan galyndy gazlaryň howa aralaşmagynyň derejesini peseltmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryny goldamak bilen, senagatda, esasan hem, nebitgaz, energetika we ulag pudaklarynda ekologiýa taýdan arassa hem-de serişdeleri tygşytlaýan häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmaga girişýär.

Aýgözel ARLANOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar