Düwlenler

29 Maý 2021
3268

Tebigatyň täsin ýaradan jandarlarynyň biri-de süýdemdirijileriň garsakaýaklylar toparyna degişli düwlenlerdir. Iki jübüt aýagy dyrnaklydygyna garamazdan, ýasy ýüzgüçlere öwrülen düwlenleriň art aýaklary diňe suwda ýüzmek üçin hyzmat edýär. Art aýaklar öňe epilmeýär hem-de gury ýerde düwleniň agyr göwresini götermeýär.

Mälim bolan maglumatlara görä, Ýer ýüzünde düwlenleriň 12 urugdan bolan 20-ä golaý görnüşi giňden ýaýrandyr. Olaryň iň köp ýaýran ýeri polýar zolaklarydyr. Bu täsin jandarlar köpelýän we tüýlerini täzeleýän döwründe galyň buzlaryň üstüne ýygnanýarlar.

Aşyrberdi ALLABERDIÝEW,
Akdepe etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar