Bulary bilmek gyzykly

27 Maý 2021
3180

DEŇIZ ATLARY

Deňizde ýaşaýan jandarlaryň arasynda deňiz atlary täsin keşbi bilen haýrana goýýar. Olar balygyň iňňe şekilliler urugyna degişlidir. Beýleki balyklardan tapawutlylykda, deňiz atlary teňňeler bilen örtülen däldir. Olaryň bedeni süňk gatlagy bilen örtülip, onuň goraýjylyk ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi balygyň bedeniniň süňk örtügi örän berk bolup, ol näçe gysylsa-da döwüljek gümany ýokdur. Bedeniniň şeýle gurluşy deňiz atlaryny ýyrtyjy balyklardan halas edýär. Bu suw jandarlarynyň balyklar ýaly ýüzmän, dikligine hereket etmegi-de geňdir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Begenç RASULOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar