Durnukly ösüşiň möhüm şerti

28 Aprel 2021
1540

Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak babatda öňe sürýän ýörelgesi dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz bu günki gün dünýä halklarynyň ykbalyna täsir edýän derwaýys wezipeleri netijeli çözmäge giň mümkinçilikleri döredýän ylalaşdyryjy merkezleriň biri bolup durýar.

Türkmenistan parahatçylyksöýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny işjeň durmuşa geçirmek bilen, BMG-niň dünýäde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça ählumumy Gün tertibiniň möhüm meseleleriniň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamak ugrundaky tagallalaryna uly goşant goşýar. Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň toplumlaýyn häsiýete eýedigi hem-de dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigi bilen şertlendirilýär.

Döwran MYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar