Ekene sogap bar

12 Aprel 2021
1602

Bir agaç ekmegiň sogabynyň näderejede uludygy barada hemmeler bilýän bolsa gerek. Sebäbi seniň eken agajyň saýasynda adamlar dynç alýarlar, yssydan goranýarlar. Eger sen miweli agaç ekseň, onuň datly miwesinden uly-kiçi hemmeler datýar. Şeýdip adam agaç ekmek bilen uly sogap gazanýar. Biziň ýurdumyzda bag ekmek hem-de daş-töweregimizi bagy-bossanlyga öwürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Baharyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň ähli ýerinde bag ekmek dabarasy geçirilýär. Oňa ildeşlerimiziň ählisi gatnaşýar. Biz hem mekdebimiziň talyplary we bilim işgärleri bolup bag ekmek ýaly sogaply işden çetde durmaýarys. Oňa ählimiz bir adam ýaly bolup, agzybirlikde gatnaşýarys. Hut şonuň üçin mekdebimiz gür baglyga bürenip dur. Owadan güller, asman bilen bäsleşýän daragtlar mekdebimiziň görküne-görk goşýar. Gülleriň we agaçlaryň sagdyn ösmegi üçin mugallymlarymyz uly adala edýärler.

Gahryman we mähriban Arkadagymyzyň tebigaty goramak, ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary halkara derejesinde ykrar edilýär. Munuň özi, ozaly bilen howanyň üýtgemegi, ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy ýaly wajyp meselelerdir. Olar mähriban Arkadagymyzyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bag nahallaryny oturtmak, gülleriň dürli görnüşlerini ekmek, seýilgähleri, gür tokaýlyklary döretmek işlerini ylmy esaslarda alyp barmagyň zerurdygyny öňe sürýär. Ekologiýa howpsuzlygynyň möhüm şertleriniň biri bolan bag ekmek çäreleriniň ýylyň-ýylyna toý-dabaralara beslenilip geçirilmegi netijesinde welaýat merkezi bolan Türkmenabat şäherinde, obalardyr şäherlerde tokaý zolaklary barha giňeýär. Biz geljekde hem miweli we saýaly bag nahallaryny ekmek, türkmen tebigatyny gözelleşdirmek we baýlaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan giň möçberli işlere saldamly goşant goşarys.

Madina SAPAROWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäher tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar