Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ekologik ähmiýetleri

25 Mart 2021
2106

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzda innowasion senagatlaşmak yzygiderli amala aşyrylýar, daşky gurşawy goramaga, senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara giňişliginde ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär. Munuň özi, ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda ekologiýa diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.

Adalatlylyk, daşky gurşawy gorap saklamak, durnukly ösüş babatyndaky ählumumy ýörelgeler ýurdumyzyň alyp barýan ekologiýa diplomatiýasyny häsiýetlendirýär. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirmeginiň, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe gönükdirilendigini subut edýär.

Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar