Ylym-bilim — berk binýadym

12 Mart 2021
1158

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara, şanly senelere beslenýän ýurdumyz gözümiziň alnynda gülläp ösýän, tanalmaz derejede özgerýän, raýatlaryna eşret paýyny boldan eçilýän jennet mekanyna öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän taýsyz tagallalary bagtyýarlyk döwrümiziň baky bagtyna guwanyp ýaşaýan halkymyzy döredijilikli zähmete, täze tutumlara ruhlandyrýar. Ylaýta-da, ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada, olary dünýäniň ösen bilimli, ylymly ýaşlarynyň hataryna goşmak baradaky ynam döwletimizde esasy orunda durýar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olara dünýäniň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen interaktiw usulda bilim bermek, ylmy gözleglere ugrukdyrmak, saýlap alan hünäriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmeklerini üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlendi. Bu asylly işe döwlet derejesinde örän jogapkärli çemeleşilmelidigini dünýä tejribesi görkezýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň esasynda, häzirki wagtda dünýäniň ylmy-innowasion, ruhy-medeni babatda öňdebaryjy tejribeleri giňden öwrenilýär we ösen talaplara laýyklykda, okuw maksatnamalary işlenilip düzülýär.

Maksat KAKAJANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň magistranty.
Beýleki habarlar