Beýik işleriň buýsanjy

12 Mart 2021
1850

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Ýurdumyzda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda» Karara gol çekdi. Bu waka milli däplerine ygrarly, tebigaty ýürekden söýýän we ata-baba dowam edip gelýän asylly ýörelgelere eýerýän türkmen halkynyň buýsanjyny has-da goşalandyrdy. Çünki bagy-bossanlyga öwrülýän Diýarymyzyň gözelligi, daşky gurşawyň we ekologiýa ulgamynyň abadançylygy hem-de ösüp gelýän ýaş nesliň milli terbiýesi bilen bagly bu ajaýyp başlangyç Watanymyzyň müňýyllyklara uzajak geljegi üçin-de örän wajypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işler has-da giňden ýaýbaňlandyrylýar. Giň gerimli özgertmeleriň netijesinde Diýarymyzda ýaşyl zolaklar döredilýär. Munuň şeýledigi diňe geçen 2020-nji ýylyň özünde Garaşsyz Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 25 million düýp bag nahallarynyň oturdylmagynda hem aýdyň şöhlelenýär.

Maksat BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar