Hormatly käre sarpa

10 Mart 2021
1418

Mugallym çagalara ata-eneden soňra iň golaý durýan adamdyr diýsek, ýalňyş bolmasa gerek. Halk mugallyma özüniň durmuşda iň eý görýäniniň — çagasynyň ykbalyny ynanýar, çünki ol mugallymyň yhlasly zähmeti bilen çagasynyň ylym-bilimli, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly, medeniýetli adam bolup ýetişjekdigine ynanýar. Munuň özi mugallyma goýulýan belent sarpa, şol bir wagtyň özünde-de, onuň üstüne ýüklenilýän uly jogapkärçilikdir.

Aslynda, mugallymçylyk döredijilikli işdir. Mugallym hemişe täzeligiň gözleginde bolýar, dörediji bolýar. Mugallymçylyk käriniň irginsiz gözlegleri, ýadawsyz zähmeti talap edýändigine köp sanly kärdeşlerim bilen birlikde, men hem öz iş tejribämde göz ýetirdim.

Jennet HEMRAÝEWA,
Balkanabat şäherindäki Çagalyk öýüniň binýadyndaky orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar