Ylym-bilim — ösüşlere şamçyrag

10 Mart 2021
1326

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ösen döwletleriň hataryna girdi. Mähriban Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda eziz Diýarymyzyň beýik üstünlikleriniň binýadyny ylym-bilimiň ösüşlerinde görýäris diýip belleýär. Hakykatdan hem, ylym-bilimiň yzygiderli ösýändigini türkmen ýaşlarynyň halkara ylym-bilim olimpiýadalaryna gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýandyklary hem aýdyň görkezýär. Biziň ata-babalarymyz ýurtda ylym-bilim, medeniýet we watansöýüjilik häsiýetleriniň berk binýadynyň bolmagyny hemişe arzuwlap gelipdirler. Bu gün asyrlarboýy edilen şol arzuwlar hasyl boldy.

Hormatly Prezidentimiziň çagalaryň döwrebap terbiýe, ylym-bilim almaklary üçin edýän atalyk aladalarynyň esasynda köpsanly çagalar baglary, mekdepler we ýokary okuw jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Her bir ylym-bilim edaralary täze innowasion tehnologiýaly enjamlar we kompýuterler bilen üpjün edilýär. Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda sanly ulgam ornaşdyrylýar. Talyplaryň alan bilimleriniň netijeliliginde sanly ulgamyň orny örän uludyr. Dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň we talyplaryň gatnaşmagynda halkara maslahatlaryň geçirilmegi, tejribe alşylmagy, ylymda soňky gazanylýan netijeler bilen tanşylmagy babatda alnyp barylýan işler hem ylym-bilim pudagynyň beýik ösüşlerinden habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş eden kitaplarynda her bir ýurduň ösüşiniň gözbaşy ylym-bilimdir diýlip bellenilýär. Ýaş nesliň döwrebap terbiýe almagy babatda bitirilýän beýik işler häzirki wagtda halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň geljegi üçin ak ýollar açylýar.

Mähri ALLAGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar