Hünär ussatlarynyň bäsleşigi

9 Mart 2021
1127

Mary welaýat Baş bilim müdirligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşigi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň iş meýilnamasyna laýyklykda “Iň gowy topar otagy”, “Iň gowy çagalar bagy”, “Iň göreldeli usulçy-terbiýeçi”, “Iň göreldeli aýdym-saz mugallymy” atly bäsleşik geçirdi. Ýurdumyzyň bilim özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmakda tapawutlanyp işleýän, hünärine ussat, iň göreldeli bilim-terbiýeçilik işgärlerini we çagalar baglaryny ýüze çykarmak, olaryň iş tejribelerini ýaýratmak bäsleşigiň baş maksady boldy.

Ýeňijileri yglan etmek üçin her ugur boýunça mekdebe çenli çagalar edaralaryna barlyp, iş pursatlaryna ýakyndan gözegçilik edildi. Çagalar bilen iş alyp barmagyň we işgärler düzümi bilen agzybirlikde zähmet çekmegiň usullary öwrenildi. Netijede, eminler topary tarapyndan ýeňijiler yglan edildi.

Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar