Dil öwretmegiň möhüm ugurlary

9 Mart 2021
1062

Eziz Watanymyz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ösüşli ýollary ýaran edinip ynamly öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Bilimli nesil — kuwwatly Watan” atly ýörelge astynda bilim ulgamynda amala aşyrýan taryhy özgertmeleri, pudagyň öňünde goýýan wezipeleri biz mugallymlary has-da döredijilikli zähmet çekmäge borçlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda dil bilimini ösdürmekde, dilleri çuňlaşdyryp öwrenmekde gazanylan ýene-de bir ösüş boldy. Talyp ýaşlara dil öwretmekde sanly bilim ulgamynyň, şeýle hem döwrebap tehnologiýalaryň uly ähmiýeti bardyr. Mugallym hemişe gözlegde bolmaly bolýar. Sebäbi şahsyýet hökmünde her bir talybyň öz başarnygy we ukyby bolýar. Şoňa görä hem olaryň maglumatlary kabul ediş derejeleri dürli-dürlüdir. Dil öwredilende olaryň her biriniň ukyp-başarnygyny göz öňünde tutmaly we şol derejelere laýyk ýumuş tabşyrmaly. Dil öwredilende ilki seslerden we harplardan, soň sözlerden we sözlemlerden başlanýar. Dili öwretmegiň dürli tärleri we ýollary bar. Geliň, şolaryň birnäçesini belläp geçeliň.

Dil öwretmegiň esasy ugurlarynyň biri hem ýazgyly we dürli şekildäki bezelen suratlar bilen düşündirmekdir. Şeýle edilende köp talyplar düşündirilýän zady görüp gowy kabul edýärler we özleşdirýärler. Dürli öwüşginler bilen bezelen suratlar uzak wagtlap ýatda saklanylýar we öwredilýän zady tiz we gysga wagtda özleşdirmäge ýardam edýär. Talyplara düşündirilýän tema diňe bir gürrüň bilen däl-de, eýsem, döredilen suratlar bilen hem berkidilýär. Sapagyň dowamynda ýerine ýetirilýän ýa-da terjime edilýän täze sözleri has gowy özleşdirmekleri üçin özbaşdak iş, ýagny, öwredilen zatlary owadan şekilleriň üsti bilen berkidilse, talyp sapaga gowy düşüner, özbaşdak işlemek endigi kämilleşer.

Mährijemal NEPESOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň öwreniji mugallymy.
Beýleki habarlar