Jahanyň meşhur uniwersitetleri

8 Mart 2021
855

Abraýly bilim ojagy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň täsin binasy 2014-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berildi. Ýokary okuw mekdebinde talyplar 14 hünär boýunça bilim alýar. Bu ýerde okuwlar tölegli esasda bolup, geçilýän dersleriň ählisi iňlis dilinde alnyp barylýar. Ýokary bilim mekdebiniň çäginde döwrebap baş okuw binasy, 800 talyp üçin 3 sany umumyýaşaýyş jaýy, naharhana, sport toplumy, woleýbol, basketbol, tennis we beýlekiler üçin niýetlenen açyk meýdançalar ýerleşýär. Bu ýerde talyplar bakalawr we magistratura derejeleri boýunça bilim alýar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny amala aşyrýar. Mekdebiň binasynda döwrebap tehnologiýalar we multimedia enjamlary bilen üpjün edilen okuw, lingafon otaglar, žurnalistika hünärinde bilim alýan talyplar üçin niýetlenen ýazgy studiýasy, mejlisler zaly, muzeý, mugallymlar otaglary bar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Beýleki habarlar