Ekişe taýýarlyk

3 Mart 2021
1036

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň uly goldawyndan ruhlanyp welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli bolan etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň işgärleri hem ýere hyzmat etmek, täze ýerleri özleşdirmek işlerinde uly sepgitlere eýe bolýarlar. Pudagymyzyň işgärleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň agzalary Prezidentimiziň daşary ýurtlardan alyp beren tehnikalaryny we gurallaryny önümçilikde ulanmakda uly işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde Arkadag Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda 2021-nji ýylyň pagta hasylynyň düýbini tutmak işlerini geçirmek üçin ýörite kebşirleýji enjamlar hem-de bejeriji ussalar, nobatçy awtoulaglar we tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň jogapkär hünärmenlerinden ybarat 77 sany ýörite sürüm topary döredildi. Şeýlelikde, welaýatymyz boýunça sürüm işlerine gatnaşmak üçin 316 sany sürüm traktorlary meýilleşdirildi. Bulardan başga-da pagta hasylynyň düýbüni tutmak işlerinde ulanyljak oba hojalyk gurallaryny, ýagny, gowaça ekijiler, kultiwatorlar, çuň ýer ýumşadyjylar, dişli boronolar etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň howlularyna ýygnalyp abatlamak işleri geçirildi. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň hünärmenleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň agzalary welaýatyň baş inženeri Nurgeldi Repow, tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça hünärmeni Baýramaly Esenow oba hojalyk tehnikalaryny aýawly saklamakda we öndürijilikli işletmekde geçirilýän işleri öz möhletinde ýerine ýetirmek üçin hünärmenlere uly goldaw berýärler.

Beýleki habarlar