Garaşsyzlykdan galkynan pudak

1 Mart 2021
924

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen, 30 ýyllyk taryhy döwrüň içinde ýurdumyz düýpli özgerişleri başdan geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda barha ösýän, halkara derejede abraý-mertebesi has belende galýan ýurdumyzyň ösüş-özgertmelere beslenýän ulgamlarynyň biri hem obasenagat toplumydyr. Ýurdumyzyň ilatynyň aglaba böleginiň obalarda ýaşaýandygyny hasaba alanymyzda, bu pudagyň milli ykdysadyýetimizde näderejede ähmiýetli orny eýeleýändigi öz-özünden düşnüklidir.

Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde, türkmen obalarynyň keşbi günsaýyn özgerip, zähmetsöýer daýhanlarymyz ýylyň-ýylyna gallanyň, pagtanyň we beýleki ekinleriň, miweleriň, gök-bakja önümleriniň bol hasylyny öndürip, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň pugtalanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Begdurdy HUDAÝBERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar