Watana hyzmat — ömrüň manysy

15 Fewral 2021
871

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz döwletimiziň hem jemgyýetimiziň öňünde bitiren aýratyn uly hyzmatlary, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň berkidilmegine, halkara abraýynyň barha ýokarlandyrylmagyna, şeýle-de milli nebitgaz ulgamynyň dünýä derejesinde ösdürilmegine, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmegine hem-de kämilleşdirilmegine, şu ugurda kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna goşan şahsy goşandy üçin Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny bu ýokary okuw mekdebine dakmak baradaky başlangyjy öňe sürdi. Milli Liderimiziň teklibi biragyzdan goldanylyp, bu babatda Mejlisiň Karary kabul edildi. Şu mynasybetli, öňňin — 13-nji fewralda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa bu bilim ojagynyň professor-mugallymlarydyr talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, nebitgaz ulgamynyň edara-kärhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň pähim-paýhas hazynasyndan orun alan, gündelik gepleşik dilinde häli-şindi ýygy-ýygydan ulanylyp ýörlen «Älem içre adam gezmez, at gezer», «Ýagşydan at galar...», «Ýagşyny Älem arzuwlar», «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» ýaly, adamlara ýagşylygy, haýyrly işleri, özüňden soňra ýakymly ýatlama, at-abraý galdyrmagy ündeýän, durmuş tejribesinden dörän baý many-mazmunly atalar sözleridir nakyllar juda kän. Olar Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady hem taýsyz tagallasy bilen çap edilip, okyjylara ýetirilen «Paýhas çeşmesi» atly ajaýyp kitapda hem beýan edilen. Pederlerimiziň Watan, il-gün üçin haýyrly, nusgalyk işleri bitiren kişilere hormat-sarpa goýmak, şeýle şahsyýetleriň atlaryny ebedileşdirmek ýaly asylly ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe-de mynasyp derejede dowam etdirilýär. Nebitgaz ulgamy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebine bu ugurda, şeýle-de döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda bitiren nusgalyk hyzmatlary göz öňünde tutulyp, Ýagşygeldi Kakaýewiň adynyň dakylmagy hem munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar