Sapaly durmuşyň waspy

12 Fewral 2021
1282

Bagtyýar halkymyz zenanlary ýüzüniň tuwagy, maşgala ojagynyň eýesi hasaplap, olara uly sarpa goýýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanlary Diýarymyzyň döwlet dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, jemgyýetçilik işlerinde yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzda dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen her ýyl «Ýylyň zenany» atly bäsleşik yzygiderli geçirilýär. Golaýda Türkmen döwlet medeniýet institutynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany — 2021» atly bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşikde etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar çykyş etdiler.

Eziz Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýan, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlar işewürlikde, halyçylyk bilen meşgullanmakda, çagalary terbiýelemekde, mukaddes topraga yhlas siňdirmekde, harby we hukuk goraýjy edaralarda köplere nusga bolýarlar. Zenanlar çykyşlarynda ata Watanymyzda gazanylýan ägirt uly tutumlaryň, ýetilen sepgitleriň, eýelenýän üstünlikleriň, sapaly durmuşyň waspyny ýetirdiler.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar