Togdary

10 Fewral 2021
2903

Tebigaty goramagyň häzirki döwürdäki esasy wezipeleri tebigy baýlyklary rejeli we tygşytly peýdalanmakdan, onda ýaşaýan janly-jandarlary gorap saklamakdan, tebigatda seýrek duş gelýän haýwanlaryň, guşlaryň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň gözel tebigatynda seýrek duş gelýän guşlaryň sanyny köpeltmek, olaryň ýitip, ýok bolup gitmeginiň öňüni almak maksady bilen bu guşlar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Şular ýaly guşlaryň biri-de togdarydyr.

Togdary toklutaýlar maşgalasyna degişli bolup, olaryň göwresi sülgünden hindi towugynyň ululygyna çenli bolýar. Boýny we aýaklary uzyndyr. Kellesiniň, gursagynyň, ganatynyň öň taraplarynyň melemtil, çalrak, arkasynyň sarymtyl-mele, egrem-bugram çyzykly gara-ak ýelekleri bolýar. Depesinden, kellesiniň we boýnunyň yz tarapyndan döşlerine çenli sallanýan, uçlary şar gara, uzyn çalymtyl ak ýelekleri togdarylary aýratyn owadan we haýbatly görkezýär.

Gazakbaý ATAMEDOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň agzalyk bölümçesiniň başlygy.
Beýleki habarlar