Bähbitli tagallalaryň netijesi

8 Fewral 2021
880

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamy sözüň doly manysynda ykdysady özgertmeleriň zamanasy boldy. Dünýäniň islendik döwletiniň ösüşli ýoly, halkyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy şol ýurduň ykdysady kuwwaty bilen aýrylmaz baglydyr. Şonuň üçinem milli Liderimiz ykdysadyýetimizde düýpli özgertmelere gönükdirilen tutumly işlere badalga berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda telekeçiligiň çalt depginler bilen ösdürilmegi üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň möhüm bölekleriniň biri boldy. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk binýady döwrebaplaşdyryldy. Kämil salgyt ulgamy milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda döwlete degişli däl çygyr bolan hususyýetçilikde önüm öndürijileriň has netijeli zähmet çekmeklerine giň ýol açdy. Telekeçilerimiziň bäsleşige ukyply önümleri, harytlary has köp öndürmekleri, olaryň görnüşlerini giňeltmekleri bilen bagly degerli işleriň gerimi giňedi.

Beýleki habarlar