Alkyşlynyň işi oňlar

4 Fewral 2021
1021

Käte çykgynsyz ýagdaýa düşenimizde «Kimdir birini närazy etdimmikäm, nirede ýalňyşdymkam?» diýen soraglar biziň aňymyzdan çykanok. Emma bagt guşy depämize gonup, işlerimiz ugruna bolanda, biz hiç wagt «Kimiň alkyşy, kimiň dilegleri meniň ýollarymy ýagtyldýarka?» diýmeýäris-de, «Özümize bolan ynamymyz we zähmetimiz, işimiziň oňmagyna getirýär» diýip, pikir edýäris. Emma özümiz dogrusyndaky ýagşy dilegleriň we alkyşlaryň göýä ummanyň tolkunlary ýaly, öňümizde duran ähli böwetleri aýryp, bize ýagty ýol açýanyny bilmelidiris. Dogrudan hem «Alkyşlynyň işi oňlar» diýilmegi ýöne ýerden däl. Alkyş — bu uly güýji özünde jemleýän sözdür.

Ir döwürler bir obada perzentsizlik derdini çekip ýören bir maşgalanyň günlerde bir gün gökdäki dilegleri ýerde gowşupdyr. Ekiz ogullaryny gujagyna alan enäniň we goşa ganat dakylan dek duýgulary başdan geçirýän atanyň şol wagtky şatlygyny söz bilen beýan etmek mümkin bolmandyr. Bular ogullaryny mähir we söýgi bilen terbiýeläp ulaldypdyrlar. Emma bäş barmagyň deň bolmaýşy ýaly, ekiz oglanlaryň häsiýetleri biri-birinden düýpli tapawutlanypdyr. Biri zähmetsöýer, işjanly bolsa, beýlekisi elmydama ýeňil gazanjyň gözleginde bolupdyr. Bir gün ýigit çykan goç ogullar haýyrly işiň başyny tutup, uzak ýola ugramakçy bolýandyklaryny aýdyp, atalaryndan ak pata sorapdyrlar. Atasy ogullaryna pata berip, hersine içi pully bir düwünçegi uzadypdyr. Ogullaryň ulusy düwünçekden iki dinar alyp:

Jennet ARAZOWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar