Watan goragçylarynyň buýsanjy

3 Fewral 2021
1358

Ýakynda podpolkownik Röwşen Aýazowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli garnizonyň çäginde ýerleşýän harby bölümleriň we edara-kärhanalaryň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň asudalygynyň goragynda durup, özleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekde aýratyn tapawutlanan merdana Watan goragçylaryna döwlet sylaglary we harby atlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sylaglara mynasyp bolan harby gullukçylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak kuwwatynyň has-da berkemegi ugrunda durmuşa geçirýän giň gerimli başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyklaryny aýtdylar.

Beýleki habarlar