Haýwanat dünýäsinde täsin taýçanak

1 Fewral 2021
2956

Zebra — daş keşbi ala reňkli täsin jandardyr. Olar, esasan, yssy ýurtlarda ýaşaýarlar. Olaryň watany Afrika hasaplanýar. Zebralar dürli otlar, agaçlaryň ýapraklary, ösümlikleriň kökleri bilen iýmitlenýär. Bu täsin jandarlar adatça, süri bolup gezýär. Zebralaryň sürüsine köplenç jerenler, düýeguşlar hatda žirafalar hem goşulýarlar. Adatça, haýwanat baglarynda hem žirafalar bilen zebralar bir ýerde saklanylýar. Zebralar süri bolup gezýän haýwanlaryň arasynda örän agzybirligi bilen tapawutlanýar. Olaryň bu oňat häsiýetleri ýabany ýyrtyjylardan goranmaga uly ýardam edýär. Göräýmäge, olar biri-birine örän meňzeş bolýar. Zebralaryň boýy ortaça 1,5 metre barabardyr. Olaryň tizligi sagatda 80 kilometre çenli ýetip bilýär. Özboluşly jandarlar ortaça 25 ýyl, kähalatlarda 35 — 40 ýyl ýaşaýarlar. Zebralaryň agramy 350 — 430 kilograma barabardyr. Zebralaryň derisindäki reňkleriň bir meňzeş görünýändigine garamazdan, olar ululygy we uzynlygy boýunça tapawutlanýarlar. Bilermenleriň bellemeklerine görä, olaryň göreji ýiti bolýar. Zebralaryň üç görnüşine gabat gelmek bolýar. Olar birnäçe kilometr uzaklykdaky zatlary görmäge ukyplydyr. Zebralar yssy ýerde ýaşamaga uýgunlaşandygyna garamazdan, daglyk ýerlerde hem duşýar. Bu täsin jandarlar Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşigiň gyzyl sanawyna goşuldy.

Adaty bolmadyk reňkli zebranyň taýçanagy Keniýanyň «Masai Mara» milli seýilgähinde dünýä indi. Onuň reňki goňur bolup, ak tegmilleri bar. Özboluşly öwüşginli taýçanagyň ene-atasy adaty zebradyr. Taýçanagyň guýrugy hem adaty zebranyňkydan tapawutlylykda gysga hem-de tüýsüzdir. Şeýlelik bilen, bu üýtgeşik taýçanak milli seýilgähe gelýän syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Beýleki habarlar