Watana söýgüsi ömrüne siňen, Watan goragçysy, baýramyň bilen!

27 Ýanwar 2021
1481

Ynsan kalbynda onuň ýaşyna kybap dürli-dürli duýgular düşläp geçse-de, Watana bolan söýgi ol kalpdan hergiz gitmeýär. Çünki şol söýginiň mukaddesligine düşünýän ynsan, öz durmuşyndaky her bir gymmatlygyň şol söýgüsiz manysyzdygyna düşünýär. Oňa her kimiň hem düşünmegi üçin bolsa, uzak oýlanyp oturasy iş ýok. Onuň üçin daş-töweregiňe göz aýlamak ýeterlik. Seni dünýä inderen mähriban ata-ene, seniň päk söýgi bilen guran maşgalaň, şol maşgalanyň bezegi eziz perzentleriň, yhlas siňdiren mukaddes öý-ojagyň, ýürekdeş dogan-garyndaş, goňşy-golam, dost-ýarlaryň ... bularyň ählisi-de gül Watanyň goýnunda ýerleşýär. Has takygy, durmuş Watan yşky bilen gaýnap-joşýar!

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ata Watanymyzyň goranmak kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň abadan hem asuda durmuşyny üpjün etmek babatda halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işler amala aşyrylýar. Biz munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň golaýda geçiren Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda ýerine ýetirilen işlere seljerme bermek bilen, häzirki wagtda olaryň öňünde durýan wajyp hem-de jogapkärli wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça geçirilmeli çäreleriň toplumyny kesgitlemeginden hem aýdyň göz ýetirýäris. Döwlet Baştutanymyz hut şu maksatdan ugur alyp, geljekde ýurdumyzyň milli goşunynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidiljekdigi barada aýtdy we harby gullukçylaryň watansöýüjilik terbiýesini kämilleşdirmekde degişli wezipeleri goýdy. Mundan başga-da, hormatly Belent Serkerdebaşymyz diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyzyň milli howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň döredijilikli we abadan durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilendigini aýratyn nygtady.

Serdar MYRADOW,
«ESGER».
Beýleki habarlar