«Iň göreldeli serhet gala»

27 Ýanwar 2021
1779

Ýakynda şeýle at bilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli serhet galalarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenildi. Şeýlelikde, eminler toparynyň gelen netijesi boýunça «Iň göreldeli serhet gala» adyna podpolkownik Azat Almazowyň serkerdelik edýän serhet birikmesine degişli bolan uly leýtenant Döwlet Hallyýewiň serkerdelik edýän serhet galasy mynasyp boldy. Şeýle hem podpolkownik Magtymguly Nurberdiýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesine degişli bolan uly leýtenant Agamyrat Baýryýewiň serkerdelik edýän serhet galasy 2-nji, maýor Amangeldi Ilmyradowyň serkerdelik edýän serhet birikmesine degişli bolan uly leýtenant Kerim Töräýewiň serkerdelik edýän serhet galasy 3-nji orny eýelediler.

Maksatmyrat ATABALOW,
maýor.

Beýleki habarlar