Ýaz ekişine taýýarlyk

26 Ýanwar 2021
1164

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen oba hojalyk pudagynyň ösüşine aýratyn üns berilýär. Toplumlaýyn durmuşa geçirilýän işler daýhanlary has-da öndürijilikli işlemäge, täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýar. Şundan ugur alyp, Bäherden etrabynyň pagtaçy kärendeçileri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylyň ilkinji günlerinden meýdan işlerini has-da ýaýbaňlandyrdylar. Şanly ýylda etrap boýunça şu ýyl 12 müň 550 gektar meýdana gowaça ekmek göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen baglanyşykly ýazky ekişiň geçiriljek meýdanlaryny möwsüme taýýarlamakda degişli tagallalar edilýär.

Şu günler sürüm işleri ahyrky gektarda alnyp barylýar. Bu işde kuwwatly tehnikalara hem-de olara erk edýän tejribeli mehanizatorlara bil baglanylýar. Tekizleýiş we geriş çekmek işlerinde-de kuwwatly tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanylar. Ekerançylyk meýdanlarynda möwç urýan joşgunly zähmet etrabyň oba zähmetkeşleriniň täze hasylyň düýbüni mäkäm tutjakdygyna şaýatlyk edýär.

Gülaýym GURDOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar