Jümle-jahan habarlary

25 Ýanwar 2021
2513

Ak çägeli çöller

Seýrek duş gelýän ak çägeli çöller Ýer ýüzüniň iň üýtgeşik ýeri hasaplanylýar. Şeýle çölleriň biri ABŞnyň NýuMeksika ştatynyň günortasynda ýerleşýär. Tebigatyň döreden bu täsinligi özüniň şeker ýaly ak çägesi bilen indi ençeme ýyldan bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýär. Täsin çölüň uzynlygy 36, ini 26 kilometre barabar bolup, ol deňiz derejesinden 1185 metr beýiklikde ýerleşýär. Bu çöl özüniň diňe bir gar ýaly ak reňki bilen däl, eýsem, çägesiniň düzümi boýunçada tapawutlanýar. Hakykatda welin, ol çäge dälde, gipsdir. Alymlar millionlarça ýyl mundan ozal hek döwründe bu ýerde uly bolmadyk deňziň bolandygyny çaklaýarlar. Wagtyň geçmegi bilen deňiz birnäçe kölleri emele getiripdir. Kölleriň guramagy bilen duz we selen himiki elementi, olardan bolsa gips alaňlyklary döräpdir. Selen ýeriň üstki gatlaklarynda seýrek duş gelýän elementleriň biridir.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar