Bagtymyzyň gözbaşy

25 Ýanwar 2021
1585

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşdy. Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan şol iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz 2021-nji ýylda öňde durýan belent maksatly wezipeleri kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary Garaşsyz ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň her biri, aýratyn-da medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri üçin aýdyň ugur-ýol görkezijidir.

Garaşsyz ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda gazanylýan ösüşler, oňyn özgertmeler eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň daşary hem içeri syýasatda alyp barýan parasatly ýörelgeleri halkymyza gülläp ösüşiň miwelerini eçilýär, mukaddes Garaşsyzlygy tug edinen türkmen döwletiniň at-abraýyny dünýä ýaýýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler, milli maksatnamalar, durmuşa geçirilýän taslamalar döwlet Baştutanymyzyň adam hakdaky aladalaryndan gözbaş alýar. Şonuň üçin hem halkymyz asuda durmuşda, parahat ýaşaýşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Ene MÄMMEDOWA,
Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar