Toprak — tapylgysyz hazyna

24 Ýanwar 2021
1196

Dünýäniň islendik ýurdunda ilaty azyk önümleri bilen bütin ýylyň dowamynda üpjün etmek, esasan, oba hojalyk pudagynyň paýyna düşýär. Ýeri gyzyldan gymmatly hazyna hasaplaýan halkymyz ene topraga aýratyn gadyr-gymmat goýýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän özgertmeleriň özeninde bolsa, ýerleri netijeli peýdalanmak, öndürilýän önümleriň hiliniň ýokary, görnüşleriniň köp bolmagyny gazanmak maksat edinilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň tehniki binýadyny pugtalandyrmak we bu pudagy döwrebap tehniki enjamlar bilen üpjün etmek, şeýle hem pudagyň işini has-da ilerletmek maksady bilen sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatdaky öňde goýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle-de, häzirki wagtda oba hojalygyna sanly ulgam boýunça telematik arkaly işledilýän tehnikalaryň hem ornaşdyrylýandygy bizi diýseň guwandyrýar. Munuň özi ýeriň hakyky eýesi bolan daýhanlaryň zähmetini ýeňilleşdirmäge, wagty, suwy, döküni, hatda ýangyjy tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Beýleki habarlar