Ýurdumyzyň welaýatlarynda

23 Ýanwar 2021
1468

EKSPORT UGURLY

AHAL. Bäherden etrabyndaky ýüplük fabrigi 2020-nji ýyly ýokary iş görkezijileri bilen jemlän kärhanalaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň önümleriniň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, içerki bazarlarymyzy degişli harytlar bilen üpjün etmek, bar bolan çig mal serişdelerini gaýtadan işlemegiň hasabyna pudagyň girdejilerini artdyrmak babatdaky tagallalaryna mynasyp goşant goşýan bu kärhanada geçen ýyl 71 million 135 müň 84 manatlyk önüm öndürilip, 128,1 göterime barabar ösüş gazandy.

(Öz habarçylarymyz).
Beýleki habarlar