Möhüm ugurlara garaldy

20 Ýanwar 2021
1065

19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň medeniýet ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.

Maslahatda Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleri öz gözegçilik edýän sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şeýle hem dürli maksatly desgalaryň gurluşyklary, durmuş maksatly wezipeleri çözmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

«Watan».
Beýleki habarlar