Täzelikler

20 Ýanwar 2021
1706

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleriniň guramaklarynda Çärjew, Farap, Dänew Darganata etraplarynda etrap bilim bölümleriniň işgärleriniň, çagalar baglarynyň müdirleriniň gatnaşmaklarynda ýörite okuw maslahaty geçirildi.

Onda körpeleriň arasynda arassaçylyk düzgünleriniň doly berjaý edilişini gözegçilikde saklamak, sagdyn iýmitlenmegi guramak boýunça olaryň ene-atalary bilen düşündiriş işlerini yzygiderli ýola goýmak dogrusynda gürrüňdeşlik geçirildi. Arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmekligiň körpeleriň maşgala agzalarynyň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýedigi düşündirildi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan şu mowzukdan taýýarlanylan gollanmalaryň 3-si, şeýle-de ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek boýunça ýörite düzgünnama hem paýlanyldy.

Beýleki habarlar