Türkmenistan «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy

20 Ýanwar 2021
1205

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň şatlykly wakalar, hoş habarlar bilen utgaşmagy dowam edýär. Ynha, hepdäniň duşenbe güni gelen hoş habar hem bulara aňryýany bilen şaýatlyk edýär. Şol gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýa Federasiýasynyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi.

Türkmenistan tutuş Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwletdir. Şeýlelikde, ýurdumyz bu sanjymy hasaba alan döwletleriň birinji onlugyna girdi. Mahlasy, bu ýagdaý ýokanç kesellere garşy göreşmeklige hem-de köptaraplaýyn lukmançylyk gatnaşyklaryny berkitmeklige gönükdirilen nobatdaky ädimdir. Gahryman Arkadagymyz halkyň saglygyny birjik-de ünsden düşürmän, bu ugurda halkara başlangyçlary öňe sürüp, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri hem-de Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen hemişe işjeň hyzmatdaşlygy saklaýar.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar