Ýylyň şygary — ösüşiň nyşany

20 Ýanwar 2021
1134

Türkmenistanyň Mejlisi 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etdi. Ýurdumyzda gadam basylan ýyla Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasy bilen kybapdaş adyň berilmegi bu çözgüdiň döwletimiziň durmuşynda örän uly syýasy ähmiýetiniň bardygydyr. Ýylyň adynda ulanylýan iki düşünjäniň birleşdirilip, bir bitewi gymmatlyga getirilmegi-de diýseň täsirlidir. Bu düşünjeleriň birleşdirilip, halkara syýasatda bir bitewi adalga hökmünde ulanylyp başlanylmagyna hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başlangyjynyň sebäp bolandygyny aýratyn bellemelidiris.

Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasatynda ähli işi, oý-pikiri dünýäde pugta parahatçylygy ýola goýmak, berkitmek bolup durýar. Muny döwletimiziň durmuşa geçiren we geçirýän, şol sanda öz içinde amal eden işleri subut edýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge biziň döwletimizde gyşarnyksyz eýerilýän esasy ýörelgedir.

Jeýhun ÇÜRIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar