Türkmenistan sebitiň üstaşyr-ulag, energetika we kommunikasiýa kuwwatynyň artýan merkezidir

19 Ýanwar 2021
1807

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrýan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň biri hökmünde ýurdumyzyň abraýynyň artmagyna ýardam edýär.

Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ýörelgesi sebitiň ýurtlary bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Owganystan bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa durnukly sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm syýasy-ykdysady wezipeleri bilen birlikde, iki goňşy halkyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän berk dostluk we doganlyk gatnaşyklary bilen hem şertlenendir.

(TDH).
Beýleki habarlar