Haýwanat dünýäsi: gyş endikleri

18 Ýanwar 2021
2924

Paslyň çalyşmagy bilen, howanyň ýylylyk derejesi hem peselip başlaýar. Bu döwürde tebigatyň köp görnüşli haýwanat dünýäsine-de gozgalaň aralaşýar. Janly-jandarlar özleriniň gyş endiklerini berjaý etmäge başlaýarlar. Olaryň köpüsi ýyly ýurtlara göç etse, ençeme görnüşleri aýazly günleri ýyljajyk «ýatakhanalarynda» uklap geçirýärler.

Haýwanlaryň käbir görnüşleriniň bedeninde bolup geçýän üýtgeşmeler, ýagny ýag gatlagynyň galňamagy, sütüginiň ösmegi, per hem tüý örtüginiň galňamagy ýaly ýagdaýlar olaryň sowukdan goranmagyna ýardam edýär.

Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar