Parahatçylygy döretmegiň türkmen nusgasy

18 Ýanwar 2021
1926

Garaşsyz Türkmenistanyň at-abraýy dünýä ýaň salýar. Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň nusgasy halkymyzyň özboluşlylygyna, onuň gadymdan gelýän parasatly däplerine laýyk gelýär.

Eziz Watanymyz Aziýanyň we Ýewropanyň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, bütin dünýä dostluk goluny uzadýan döwlet parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmakda, halkara hyzmatdaşlygyň täze, netijeli gurallaryny kemala getirmekde gymmatly tejribäni toplady. Geçilen ýola ser salanyňda, Garaşsyzlygyň ýurdumyz üçin içeri we daşary syýasatda, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynda, beýleki döwletler bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmakda örän oňaýly mümkinçilikleri döredendigine göz ýetirmek bolýar.

Gülälek ÇOPANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar